Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebimiziň täzelikleri
"Jemgyýetçilik
ylymlarynyň esaslary" dersiniň hepdeligi
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň
14-19-y aralygynda ,,Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary” dersiniň
hepdeligi geçirildi.
14-nji oktýabrda hepdeligiň açylyş dabarasy
uly şatlyk-şowhuna beslenip, onda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde goşgudyr
aýdym-sazlara, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
nusgalyk kitaplaryndan ugur alnyp taýýarlanan sahna eserlerine uly orun
berildi.
Hepdelik degişlilikde filosofiýa,
sosiologiýa we jemgyýetçilik hem-de syýasat ylymlaryna bagyşlanan günlere
bölünip geçirildi. Köpöwüşginli hepdeligiň dowamynda geçirilen açyk sapaklar,
aýdym-sazly çäreler, döredijilik we wagyz-nesihat duşuşyklary, talyplaryň
arasynda geçirilen dürli ders bäsleşikleri, guralan sergiler we söwda
ýarmarkalary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. Şeýle-de döredijilik bilen
meşgullanýan talyp ýaşlaryň arasynda "Baky Bitaraplygymyz-synmaz
erkimiz" ady bilen goşgy ýazmak we surat çekmek bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşikde ýeňiji bolan we hepdeligiň dowamynda geçirilen çärelere işjeň
gatnaşan talyp ýaşlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.