For candidates


Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi

1. Poligrafiýa önümçiligi.
2. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy (pudaklar boýunça) .
3. Neşirýat işi.

Orta  hünär  okuw  mekdebine  Türkmenistanyň umumy  orta  bilimli, ýaşy 35-den  geçmedik  raýatlary  giriş synaglarynyň netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär.
Okuwyň  möhleti  2,5  ýyl  hem-de  tölegli.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
  
  • bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan  arza;
  • bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);
  • umumy  orta  bilim  barada  resminamanyň  asyl  nusgasy;
  • Türkmenistanyň   Saglygy  goraýyş  we  derman  senagaty ministrligi  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk    kepilnamasy.
  • soňky  okan  ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;  
  • bellenilen  nusga boýunça  okuw  üçin  tölegi  öz  wagtynda  amal  etmegiň  kepil  haty;  
  • 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;
  • işleýänler  üçin  zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;
  • giriş   synaglaryndan   üstünlikli   geçen   ýagdaýynda  artykmaçlyklardan   peýdalanýan  okuwa  girýän   ýylynda   mekdep okuwçylarynyň  dersler   boýunça   döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,   umumybilim   dersleri   boýunça   halkara bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli   resminamanyň   asyl   nusgasyny  tabşyrýar.
Bulardan  başga-da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýän ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  kabul  edýän  iş  toparyna  aşakdakylary  görkezýär  we nusgalaryny  tabşyrýar:

  • şahsy  pasportyny;
  • Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny, harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we  ýaşaýan  ýeri  boýunça harby  wekillikden  güwähaty;
Dalaşgär  talyplyga  kabul  edilmek  üçin  artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary görkezip  biler.          Nädogry  berlen  maglumatlar  we  resmi  iş  kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär: 

poligrafiýa önümçiligi; tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy; hünäri – fizika,  matematika, Türkmenistanyň taryhy.
neşirýat işi; hünärleri –türkmen dili we edebiýaty,  jemgyýeti öwreniş;  Türkmenistanyň taryhy.
Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw  maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.
Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.
Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenilen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä gelip bilmedikler  ýa-da  dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär. 
 
Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň  mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  kabul  edilmek  üçin  artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

  • saýlan  hünäri  boýunça  2  ýyldan  az  bolmadyk  iş  tejribesi  bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.


Türkmen  döwlet  neşirýat  gullugynyň  neşirýat-çaphana  orta  hünär  okuw  mekdebiniň  salgysy:  Aşgabat  şäheri, Galkynyş köçesiniň 66-njy jaýy. Tel:22-07-35, 22-16-99.

Adress:

Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesi 66-njy jaý
Ashgabat sity, Galkynysh st., 66
город Ашхабадб улица Галкыныша, 66

Tel. numbers:
+99312223389