Umumy ýaşaýyş jaýy
Neşirýat – çaphana orta hünär okuw mekdebiniň UÝJ 3 – nji gatynda ýerleşýän umumy ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany 1,741 m2 şondan ýaşaýyş meýdany 1034 m2 . UYJ – ýy umumy 80 orunlyk. Umumy ýaşaýyş jaýy 2 gatdan ybarat, ikinji gatynda 43 orunlyk otag bar, welaýatdan gelen gyz talyplar okuwmyzyň UÝJ –n yň 2 – nji gatynda ýaşaýarlar. UÝJ – nyň 3 – nji gatynda 37 – orunlyk ýer bar , welaýatdan gelen oglan talyplar okuwmyzyň UÝJ –n yň 3 – nji gatynda ýaşaýarlar.![]()
Hormatly Prezidentimiziň dünýä ülňulerine laýyk gelýan enjamlar bilen abzallaşdyrylan Metbugat öý toplumyny gurup bermegi bilen baglanyşykly bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamak üçin Neşirýat – çaphana orta hünär okuw mekdebini açyp bermegi çaphana işini döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramaga giň ýol açdy.Çunki, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bir bölegi bolan Metbugat döwrüň aýnasy hasap edilýär. Ýurdumyzda bolýan özgerişlikler, öňegidişlikler we dünýä täzelikleri bilen halkymyz habar beriş serişdeleriniň, metbugatyň üsti bilen tanyşýarlar.