Neşirýat mekdebimiziň täzelikleri
19-nji fewralda "Milli
buýsanjym başlara göwher täjim" ady
bilen Türkmen
döwlet neşirýat gullugynyň neșirýat-çaphana
orta hünär okuw
mekdebiniň, Zenanlar guramasy we Kärdeşler
arkalaşygynyň
bilelikdäki guramagynda höwesjeň talyp
ýașlaryň arasynda "Talyp
gözeli -2025" atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleșige jemi
alty gyz gatnașdy. Olar bäsleșigiň sertine görä, öz
saýlap alan
hünärlerini wasp etmek, keşde çekmek, unaş
kesmek, şygyr
okamak boýunça öz ezberliklerini görkezdiler.
Mundan bașga-da bu
ýerde gyzlaryň taýýarlan el işleriniň,
tagamlarynyň
sergisi hem guraldy. Eminler tarapyndan
saýlanan ýeňiji
gyzlar bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat
hatlary we
sowgatlar bilen sylaglandylar.