Poligrafiýa önümçiligi


“Poligrafiýa önümçiligi” hünäri barada maglumat

Bu hünäriň talyplary çaphana kärhanalarynyň tehnik-tehnolog  käriniň eýesi bolmak üçin “Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady” ders-ler toplumyny, “Umumy matematiki we tebigy –ylmy” dersler toplumyny , “Umumy hünär” dersler toplumyny öwrenmek bilen birlikde aşakdaky “Ýörite hünär” dersler toplumyny öwrenýärler:

  • Poligrafiýa önümçiliginiň esaslary;
  • Poligrafiýa materiallary;
  • Kärhananyň ykdysadyýeti;
  • Guramanyň gurluş bölümleriniň dolandyrylyşy;
  • Çapa çenli prosesleriň tehnologiýasy we enjamlary;
  • Çap prosesleriniň tehnologiýasy we enjamlary;
  • Çapdan soňky prosesleriň tehnologiýasy we enjamlary;
  • Metrologiýa we standartlaşdyrma;
  • Çaphana işlerinde innowasiýa tehnologiýalary;
  • Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk;
  • Önümçiligi guramak we dolandyrmak.

       “Poligrafiýa önümçiliginiň esaslary” dersinde umuman poligrafiýa önümleri bolan gazet-žurnallaryň, aksident önümleriniň,  kitap neşir-leriniň önümçilikleri, onuň enjamlary we tehnologiki prosesleri öwre-nilýär.
“Poligrafiýa materiallary” dersinde esasan kagyz, karton, çap reňkleri ýaly materiallaryň taýýarlanyş tehnologiýalary, görnüşleri, ulanylýan ýerleri barada düşünje berilýär. 
“Kärhananyň ykdysadyýeti” dersinde umumy ýurdumyzyň ykdysa-dyýetiniň gurluşy bilen birlikde neşirýat pudagynyň kärhanalarynyň ykdysady işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyrylýar.
“Guramanyň gurluş bölümleriniň dolandyrylyşy” dersinde önümçiligi dolandyryjy işgärleriň wezipe-borçlary, jogapkärçiligi, dolandyryş işiniň tehnologiýalary ýaly nazarýet bilimleri berilýär.
“Çapa çenli prosesleriň tehnologiýasy we enjamlary” dersinde bolsa poligrafiýa tehnologiýasynyň başky bölüminiň enjamlary, olarda işlemegiň usulyýeti, sanlaýyn forma taýýarlaýjy ulgamlar, çap formalarynyň taýýarlanylyşynyň öňdebaryjy tehnologiýalary barada gi-ňişleýin we gyzykly maglumatlar berilýär.
“Çap prosesleriniň tehnologiýasy we enjamlary” dersinde çap kärhanalarynda esasy tehnologiýalary kesgitleýän çap maşynlary we ulgamlary barada giňişleýin düşünje berilýär.
“Çapdan soňky prosesleriň tehnologiýasy we enjamlary” dersinde ýarymfabrikatlardan kitap önüminiň soňky stadiýalaryny taýýarlamagyň we gaplama tehnologiýasynyň elementleri öwrenilýär.
“Metrologiýa we standartlaşdyrma” dersinde adyndan belli bolşy ýaly umumy standartlaşdyrma bilen birlikde çap önümleriniň dünýä standart-lary öwrenilýär.
“Çaphana işinde innowasiýa tehnologiýalary” dersinde has öňdebaryjy tehnologiýalar barada talyplara düşünje berilýär.
“Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk” dersi standartlar esasynda önümçilik heläkçiliginden goranmagyň düzgünlerini öwredýär.
“Önümçiligi guramak we dolandyrmak” dersi standartlara laýyklykda çaphana kärhanalarynyň guralyşyny, enjamlary kada laýyk ýerleşdir-megiň standartlaryny, önümçilik proseslerini ýerine ýetirmegiň esasy bolan dürli işleri ýerine ýetirýän sehleriň arabaglanyşygyny öwretmek bilen işi guramagy we dolandyrmagy öwredýär. 
Bu nazarýet bilimleri soňundan okuw tejribeligi, önümçilik tejribeligi, tehnologiki tejribelik görnüşinde bölünen tejribelikleri çaphana ulga-mynda geçmek bilen has-da berkidilýär. 

Share this post

Adress:

Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesi 66-njy jaý
Ashgabat sity, Galkynysh st., 66
город Ашхабадб улица Галкыныша, 66

Tel. numbers:
+99312223389