Digital education
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip biziň gaýry orta hünär okuw jaýymyz bolan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde sanly bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikler döredilýär. Okuw jaýymyza degişli uzak aralykdan aralaşmak üçin mekdebimiziň portal saýty döredildi. Bu portal saýty bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalary we başgada beýleki ahli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmekleri diýseň bellärliklidir. Şeýle-de bu portal saýty diňe bir mekdebimiziň çäginde hereket etmän eýsem beýleki käbir mekdepler hem-de daşary ýurt döwletleriniň abraýly okuw jaýlarynyň torlary bilen birikdirilip teleköpri arkaly wideo okuw sapaklaryny geçmekleri örän buýsandyryjydyr. Sebäbi islendik bir döwletiň ösüşi şol döwletiň ylym biliminiň ösüşine bagly bolup durýar diýilýär.
Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Her ýyl ak mekdeplere 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan mekdep kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhümdir. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Soňky ýyllarda iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl täze çagalar baglary hem-de umumybilim berýän orta mekdepleri yzygiderlikde açylyp ulanylmaga berilýär.