Neşirýat işi


“Neşirýat işi” hünäri barada maglumat

Bu hünäriň talyplary tehnik-neşirýatçy käriniň eýesi bolmak üçin “Umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady” dersler toplumyny, “Umumy matematiki we tebigy–ylmy” dersler toplumyny , “Umumy hünär” dersler toplumyny öwrenmek bilen birlikde aşakdaky “Ýörite hünär” dersler toplumyny öwrenýärler:

  • Gazet neşirleriniň dizaýny;
  • Kitabyň dizaýny;
  • Redaksion-neşir işleriniň kompýuter tehnologiýasy;
  • Neşirleriň redaktorçylyk taýýarlygy;
  • Çap önümleriniň çeper –tehniki bezegi;
  • Tekstiň nazarýeti;
  • Tekstologiýa;
  • Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk;
  • Internet we kitap neşiri;
  • Neşir işinde innowasiýa tehnologiýalary;
  • Önümçiligi guramak we dolandyrmak.

“Gazet neşirleriniň dizaýny” dersinde umuman poligrafiýa önümçili-giniň elýeterli maglumat serişdesi bolan  gazetleriň dünýä standartlaryna laýyklykda dizaýn-bezeg işleri barada düşünje berilýär.

“Kitabyň dizaýny” dersinde kitap neşiriniň standarta laýyk gelýän daşky we içki bezeg işleri barada talyplara bilim berilýär. 

  “Redaksion-neşir işleriniň kompýuter tehnologiýasy” dersinde umumy ýurdumyzyň neşir-redaksion toplumynyň gurluşy bilen birlikde olarda giňişleýin ulanylýan kompýuter tehnologiýalary barada düşünje berilýär.

“Neşirleriň redaktorçylyk taýýarlygy” dersinde adyndan belli bolşy ýaly awtorlaryň golýazmalarynyň, islendik çapa goýberilýän neşir önüminiň korrektura we redaktorçylyk ediliş  işiniň usulýeti ýaly nazarýet bilimleri barada düşünje berilýär.

  “Çap önümleriniň çeper-tehniki bezegi” dersinde adyndan belli bolşy ýaly islendik çap önüminiň dizaýn-bezeg işleri barada aýdylyp geçilýär.  “Tekstiň nazarýeti” dersinde bolsa döwlet dilimiz bolan türkmen diliniň ähli neşirýät jähtlerinden seljerme işleri talyplara düşündirilýär.

  “Tekstologiýa” dersinde tekstleriň ähli babatda talabalaýyk ýazylyş düzgünleri öwredilýär.     

“Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk” dersi standartlar esasynda önümçilik heläkçiliginden goranmagyň düzgünlerini öwredýär.

“Internet we kitap neşiri” dersi sanlaýyn internet ulgamynda çykarylýan kitaplar barada, programma-saýtlar barada maglumat berýär.

“Neşir işinde innowasiýa tehnologiýalary” adyndan belli bolşy ýaly dünýä ýüzüniň neşir işiniň öňdebaryjy ulgamlary öwrenilýär. 

“Önümçiligi guramak we dolandyrmak” dersi standartlara laýyklykda neşir edaralarynyň guralyşyny, kitaplary, gazet-žurnallary kada laýyk çap etmegiň standartlaryny, kitap işlerini çap etmegiň esasy düzgünlerini we kadalaryny öwredýär. 

Bu nazarýet bilimleri soňundan okuw tejribeligi, önümçilik tejribeligi, tehnologiki tejribelik görnüşinde bölünen tejribelikleri redaksion ulga-mynda geçmek bilen has-da berkidilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesi 66-njy jaý
Ashgabat sity, Galkynysh st., 66
город Ашхабадб улица Галкыныша, 66

Telefon belgiler:
+99312223389