History of the publishing school

       
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi (mundan beýläk “Mekdep”) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 09-njy iýulyndaky 14328 belgili “Yurdumyzda orta hünär okuw mekdeplerini döretmek hakynda” karary esasynda berlen ygtyýarlyga laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 2015-nji ýylyň 10-njy iýulyndaky 38/ö belgili buýrugy bilen döredildi. Mekdep Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň tabynlygynda bolmak bilen, orta hünär bilim maksatnamasyny amala aşyrýan hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet orta hünär okuw mekdebidir.
Mekdep bilim, terbiýe we ylym ulgamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň neşirýat-çaphana ulgamy üçin çuňňur bilimli, döwrüň talaplaryny doly ödeýän, syýasy taýdan sowatly, Watanyna, halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýurduň bähbitlerini mynasyp gorap bilýän we häzirki zaman bazar ykdysadyýeti gatnaşyklary şertlerine laýyklykda neşirýat-çaphana ulgamynda işlemäge ukyply, başarjaň, öz hünärine ussat orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Share this post

Adress:

Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesi 66-njy jaý
Ashgabat sity, Galkynysh st., 66
город Ашхабадб улица Галкыныша, 66

Tel. numbers:
+99312223389