DALAŞGÄR-2024
TÜRKMEN DÖWLET NEŞIRÝAT GULLUGYNYŇ
NEŞIRÝAT-ÇAPHANA ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2024/2025-nji
okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Poligrafiýa
önümçiligi.
2. Tehnologiki
prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy.
3. Neşirýat
işi.
Neşirýat-çaphana
orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk
binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den
geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda
kabul edilýär.
Okuwyň
möhleti 2,5 ýyl.
Neşirýat-çaphana
orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi
iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly -19 -njy awgusty aralygynda
kabul edilýär.
Resmi
iş kagyzlarynyň sanawy:
—bellenilen nusgada
direktoryň adyna ýazylan arza;
—bellenilen nusgadaky
sowalnama (anketa);
—bilimi baradaky resminama
(asyl nusgasy);
—Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk
kepilnamasy;
—soňky okan ýerinden (işlän
ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
—bellenilen nusga boýunça
okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
—3x4 sm ölçegdäki sekiz sany
fotosurat;
—işleýänler üçin zähmet
depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
—okuw dersleri boýunça
mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere
gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan
degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan
başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar
bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler
we nusgalaryny tabşyrýarlar:
—pasportyny;
—harby şahadatnamasyny ýa-da
ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär
bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry
berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik
çekýär.
Giriş
synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet neşirýat
gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.
Giriş
synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler:
poligrafiýa önümçiligi; tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy
— fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
hünär:
neşirýat işi — türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş,
Türkmenistanyň taryhy.
Okuw
dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw
maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw
dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň
tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler
ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara
goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan
üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin
artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen
görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet neşirýat
gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş. Galkynyş köçesi, 66, tel.: 22-07-35; 22-16-99.