About us
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 09-njy iyulyndaky “Ýurdumyzda orta hünär okuw mekdeplerini döretmek hakynda” 14328 belgili kararyna laýyklykda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi açyldy.
Hormatly Prezidentimiziň dünýä ülňulerine laýyk gelýan enjamlar bilen abzallaşdyrylan Metbugat öý toplumyny gurup bermegi bilen baglanyşykly bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamak üçin Neşirýat – çaphana orta hünär okuw mekdebini açyp bermegi çaphana işini döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramaga giň ýol açdy.Çunki, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bir bölegi bolan Metbugat döwrüň aýnasy hasap edilýär. Ýurdumyzda bolýan özgerişlikler, öňegidişlikler we dünýä täzelikleri bilen halkymyz habar beriş serişdeleriniň, metbugatyň üsti bilen tanyşýarlar.
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň “Neşirýat işi” hünärini tamamlan uçurymlar gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda zähmet çekýärler.
“Poligrafiýa önümçiligi”, ”Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy” hünärlerini tamamlan uçurymlar Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky çaphanalarda zähmet çekýärler.
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde işiň su aşakdaky görnüşleri alnyp barylýar:
- Hünär taýýarlygy;
- Başlangyç hünär bilimi;
- Orta hünär bilimi;
- Beýleki toparlara goşulmadyk bilim boýunça işler;
- Işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň hukuk salgysy Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 66-njy jaýy.