Dalaşgärlere

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi



2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:



 



1. Poligrafiýa önümçiligi

2. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyryluşy. (pudaklar boýunça)

3. Neşirýat işi



Neşiýat-çaphana orta hünaär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.



Okuw ýylynyň möhleti 2,5 ýyl.



Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.



Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyň-19-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.



Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:    bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;



   
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);



   
bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);



   
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministirligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;



   
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden,harby bölüminden) häsýetnama;



   
bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;



    3x4 sm. ölçegdäki sekiz sany fotosurat;



   
işleýänler
üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;



   
okuw
dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara
bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary
tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.



Bulardan başgada, okuwa girmäge isleg bildirýänler
ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş
toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:



   
pasportyny;



   
harby
şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby
wekillikden güwähatyny.



Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek
üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary
görkezip biler.



Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary
üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.



Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek  Türkmen döwlet
neşirýat gullugynyň
Neşirýat-çaphana
orta hünär okuw mekdebinde
(Aşgabat
şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýyny 22-23-i,
225-si we 26-i günlerinde
geçirilýär:



Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:



hünärler: poligrafiýa önümçiligi; tehnologiki
prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy —
fizika, matematika,
Türkmenistanyň taryhy;



hünär: neşirýat işi — türkmen dili we
edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy.



Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň
orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.



Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden
geçirilýär.



Giriş
synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip
bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky
synaglara goýberilmeýär.



Giriş
synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler
peýdalanýarlar.
 



Türkmen
döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi
niň salgysy:
Aşgabat ş. Galkynyş 66, tel.: 22-07-35; 22-16-99.

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesi 66-njy jaý
Ashgabat sity, Galkynysh st., 66
город Ашхабадб улица Галкыныша, 66

Telefon belgiler:
+99312223389